Hytaý “Galkynyş” käniniň dördünji tapgyryny özleşdirer
“Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen iri halkara bäsleşikde Hytaý tarapy ýeňiji boldy diýip, türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Pekin şäherinde HHR-iň başlygy Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.
Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny, geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini aýtdy.