Özbek blogçysyna prezidenti masgaralany, duşmançylygy öjükdireni üçin ýyl kesildi
Nurafşan şäher kazyýeti 26 ýaşly erkegi, Özbegistanyň prezidentini masgaralamakda (Jenaýat kodeksiniň 156-njy maddasynyň 2-nji bölümi) we milletara duşmançylygyny öjükdirmekde günäli tapyp, üç ýyl bir aý azatlykdan mahrum etdi.
Bu höküm barada Ýokary kazyýetiň metbugat sekretary Aziz Abidow habar berdi.
Kazyýetiň metbugat beýanatynda iş kesilen erkegiň ady aýdylman, diňe adynyň we atasynyň adynyň baş harplary - W.D. görkezilýär.
Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, onuň Daşkent sebitiniň ýaşaýjysy...