Ahalda meýletin işden gitmäge çalyşýan mehanizatorlar mejbury işde saklanýar
Ahal welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda işgärleriň zähmet haklarynyň pes bolmagy zerarly, öz arzalary boýunça meýletin işden çykmaga çalyşýan mehanizatorlar ýolbaşçylar tarapyndan mejbury işde saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji awgustda günorta welaýatdan maglumat berdi.
“Häzir hojalyk eklemek üçin, azyndan 6 müň manat aýlyk gerek, bize 2 müň manat aýlyk töleýärler. Ol hiç zada ýetenok” diýip, bir mehanizator howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.