Türkmenistanyň Russiýadan import edýän önümleriniň başyny un we ýag çekýär
2025-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Türkmenistan Russiýadan 125 müň tonnadan gowrak oba hojalygy önümini import etdi, olaryň umumy bahasy 110 million dollardan gowrak diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Oleoscop portalynyň 19-njy awgustda “Agroexport” federal merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistana iberilýän önümleriň derejesi gymmaty boýunça 16% ýokarlandy.
Russiýa Türkmenistana et-ýag, süýt-gatyk önümlerini...