Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
Türkmen metbugaty 11-nji awgustda, şahyr Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralan dabara gabat, uly we kiçi Berdimuhamedowlaryň öz dolandyryşlaryny wasp edýän zenan iberen gutlag hatlaryny çap edip, türkmen edebiýatynyň agyr ýagdaýyna ünsi çekdi diýip, ýerli synçylar we Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Anonimlik şertinde gürleşen intelligentsiýa wekilleriniň köpüsiniň pikirine görä, türkmen edebiýaty häzirki pursatda, megerem, iň kyn we iň möhüm döwürleriniň birini başdan geçirýär.