'Serhetsiz reportýorlar' Russiýada 'islenilmeýän' guramalaryň sanawyna goşuldy
Russiýanyň Adalat ministrligi hökümete degişli bolmadyk "Serhetsiz reportýorlar" halkara guramasyny ýurtda "islenmeýän" jemgyýetçilik guramalarynyň sanawyna goşdy. Bu edaranyň web sahypasyndaky täzelenen sanawdan görkezilýär.
Baş prokuratura adam hukuklary guramasyny 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda islenmeýän diýip ykrar etmek kararyna gelipdi. Emma munuň sebäpleri görkezilmändi.
"Serhetsiz reportýorlar" topary 1985-nji ýylda Fransiýada döredildi. Guramanyň maksatlary senzura garşy göreşmekden, söz...