Türkmenistanda iri mal 'näbelli' keselden köpçülikleýin gyrylýar
Türkmenistanda şahly iri mallaryň kesele ýolugyp ölmegi bilen bagly ýagdaýlar dowam edýär. Malyň gyrylmagy köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, ýurduň dürli böleklerinde ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Daşoguz we Balkan welaýatynda dörän ýagdaý barada habar berýärler.
Hususy hojalyklarda we döwlet eýeçiligindäki hojalyklarda sygyrlar wirusdan haram ölýär diýip, daşoguzly çeşmeler 12-nji awgustda habar berdi.
"Mallaryň derisinde şänik şekildäki çişler döreýär. Syryglar 10 günläp hiç zat iýmän haram ölýär" diýip...