Mejbury zähmet mugallymlaryň 'abraýyny ogurlaýar', bilimiň hilini pese gaçyrýar
Türkmenistanda magaryf işgärleriniň mejbury zähmetiň adaty ‘pidalarynyň birine öwrülmegi’ bilen, pedagoglaryň okadýan okuwçylarynyň öňündäki abraýlarynyň barha pese gaçyrylmagy dowam edýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Mugallymlaryň dynç alyş wagtynda ýa-da iş sagatlarynda başga dürli işlere çekilmegi olaryň diňe bir özlerini kämilleşdirmeli wagtlaryny däl, eýsem ‘at-abraýlaryny hem ogurlaýar’ diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly pedagog Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ahaldaky...