Astana gazak harby attaşesiniň işgäriniň Polşada saklanandygyny tassyklady
Gazak harby attaşesiniň edarasynyň bir işgäriniň Polşada tussag edilendigi baradaky maglumat 13-nji awgustda Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň Halkara gatnaşyklar merkezi tarapyndan tassyklandy.
"Häzirki wagtda bu ýagdaýy çözmek üçin daşary ýurt tarapy bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Gazagystan Respublikasynyň raýatynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur çäreler görülýär" diýip, merkez gazak raýaty tussag edileninden iki hepde soň çap edilen beýannamada aýtdy.
Polşanyň habar beriş...