Türkmenistanda ilatyň azyk aladalarynyň fonunda daşary ýurtly myhmanlara 'iýmit bolçulygy' görkezildi
Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäresi resmi dabaralar we şowhunly tomaşalar bilen tapawutlanýar. Günüň dowamynda sazly konsertler, bezemen sergiler geçirilýän bolsa, agşamlaryna feýerwerk atylýar. Emma depe-depe edilip goýlan we uly möçberde ýere seçilen azyk önümleriniň sergisi ençeme ýyl bäri iýmit aladasyndaky ilat köpçüliginiň ünsüni çekdi we nägilelik döretdi.
"Türkmenistandaky ykdysady krizis çuňlaşyp, halkyň durmuş derejesiniň iňňän pese gaçan wagtynda Türkmenistanyň hökümeti şeýdip...