Ogyzhanyň ýyldyzy 'para almagyň guralyna' öwrülýärmi?
Azatlygyň Ahaldaky habarçysy türkmen häkimiýetleriniň Aşgabady bezeýän görnükli nyşanlaryň birini, sekiz burçly ýyldyzy, içinde bäş kelleli bürgüt şekili bolan nyşany, sebäbini düşündirmezden, birden ‘gadagan edendigini’, ulaglarynda şeýle nyşan bolan sürüjilere jerime salynýandygyny, bu nyşanlary satýan dükançylaryň hem ‘ýüzünden sypalmaýandygyny’ habar berýär.
Halk içinde sekizburç ýyldyz diýilýän nyşan türkmen metbugatynda Oguzganyň sekizburç ýyldyzy diýlip atlandyrylýar.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä...