Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar
Türkiýede ýitirim bolan türkmen blogeri Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň ýoldaşyny agtarmakdan ýüz öwürýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi. Gülala Hasanowa Alişer Sahatowyň we onuň bilen tussag edilen we ýitirim bolan Abdylla Orusowyň dereksiz ýitendigi barada 28-njy we 29-njy iýulda Sinop şäheriniň polisiýasyna we prokuraturasyna arza bilen ýüz tutupdy.
“Men Sinop şäheriniň polisiýa bölümine we prokuraturasyna arza berdim. Ondan soň üç-dört gezek polisiýa bardym, emma olardan hiç hili kanagatlanarly jogap alyp bilmedim.