Awaza daşary ýurtly myhmanlar gelip başlady, ýerli ilat üçin gatnaw çäklendirildi
Awaza syýahat zolagynda geçirilýän halkara forumynyň myhmanlary çäreden bir gün öň baryp başladylar. Bu ýagdaý Türkmenbaşy şäheriniň ençeme köçesiniň ýapylmagyna we ilatly ýerlere barýan ýollaryň beklenmegine, şeýle-de ýerli ilatyň dürli durmuş zerurlyklarynyň çäklendirilmegine sebäp boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Awazada 4 – 8-nji awgusty aralygynda geçirilýär.
Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary çäre golaýdaky milli syýahat zolagynda geçirilýän hem bolsa...