Özbegistanda daşary ýurtlular, 90 gün ýurtda bolmadyklar WIÇ barlagyndan geçiriler
Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senaty (parlamentiň ýokarky palatasy) 90 günden gowrak wagt daşary ýurtda bolan özbekleriň, şeýle-de daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň WIÇ barlagyndan geçirilmegi baradaky kanuny tassyklady.
Özbegistanda 18 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky adamlaryň, 90 gün ýa-da ondan hem köp wagtlap daşary ýurtda ýaşan bolsa, Özbegistanda hemişelik ýaşaýan ýa-da ýurda gelýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, WIÇ näsaglygy boýunça saglyk kepilligini almagy hökmany bolar.