Aw tüpeňleriniň 'ýygnalmagy' hojalyklara uly zyýan ýetirýär, gadymy hünäre 'howp salýar'
Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň eýeçiliginde bolan aw tüpeňlerine garşy alyp barýan, ýöne resmi taýdan yglan edilmedik we düşündirilmedik göreşi maldarlary, daýhanlary wagşy haýwanlaryň öňünde goragsyz goýup, hojalyklaryň ýylda uly zyýan çekmegine sebäp bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýär.
Aw tüpeňleriniň ýygnalyp alynmagywe yzyna berilmezligi indi on ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Bu döwürde ekine, mallara hüjüm edýän ýyrtyjy haýwanlar has arkaýynlaşdy we indi, öňküleri ýaly...