Hytaý Gazagystanda ikinji we üçünji atom elektrik stansiýalaryny gurar
Gazagystanda üçünji atom elektrostansiýasynyň Hytaý tarapyndan guruljagy has ähtimal. Bu barada wise-premýeriň birinji orunbasary Roman Sklýar 31-nji iýulda hökümetde geçirilen brifingde Azatlygyň soragyna beren jogabynda aýtdy.
Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda ikinji we üçünji stansiýalaryň ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.
Ikinji atom elektrostansiýasyny gurmaly diýilýän Hytaý korporasiýasynyň üçünjisiniň gurluşygyna hem gatnaşjakdygy baradaky soraga jogap beren Sklýar...