Arkadagda gurulýan metjit üçin býujet işgärlerinden pul talap edilýär
Arkadagda gurulýan kaşaň metjide ilatdan pul toplamak işi dowam edýär. Häkimiýetleriň pul toplamak boýunça işleriniň bir bölegi döwlet edara-kärhanalarynyň üsti bilen geçirilýär. Býujetden aýlyk alýan türkmenistanlylar öz zähmet hakyndan bir bölegini tabşyrmaga mejbur edilýär. Hususy işewürlerden hem pul talap edilýär.
Şu günler Balkan welaýatynda tas ähli býujet edaralarynyň işgärlerinden we ýerli telekeçilerden Arkadag şäherindäki metjit gurluşygy üçin pul tabşyrmak talap edilip, maliýe serişdesiniň...