Mejbury zähmetde tankytlanýan Türkmenistan Puma we Walmart üçin dokma önümlerini iberýändigini öňe sürýär
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi ýurduň dokma pudagynyň Puma, Walmart, Lidl ýaly iri halkara brendlerine taýýar pagta dokma önümlerini iberýändigini öňe sürýär. 24-nji iýulda çap bolan makala turkmen.news neşiri ünsi çekýär.
Neşir ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň giňden ulanýandygyny, eger-de bu ýazylanlar hakykat bolsa, onda munuň halkara brendleriniň öz üstüne alan borçnamalaryna garşy gelýändigini belleýär.
TDH-niň maglumatyna görä, Türkmenistandan daşary ýurtlara iberilýän "taýýar önümleriň...