Makron: Fransiýa sentýabrda Palestina döwletini ykrar eder
Fransiýa şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Palestina döwletini resmi taýdan ykrar eder diýip, ýurduň prezidenti Emmanuel Makron 24-nji iýulda mälim etdi.
Makron bu barada Palestina Awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasa ýazan hatynyň nusgasyny X sahypasynda paýlaşdy.
Hatda bellenilişine görä, Makron şeýle kararyň Ýakyn Gündogardaky konfliktiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ýardam berjekdigine ynanýar.
Şeýlelikde, Fransiýa Palestina halkynyň diňe döwlet gurmak hukugyny däl...