CPJ Gyrgyzystany žurnalist Askarowyň ölümi boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar
Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini 2020-nji ýylda türmede aradan çykan žurnalist, CPJ-niň baýragynyň eýesi Azimjon Askarowyň ölüminiň ýagdaýlaryna degişli giňişleýin we garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy.
Resmi beýanata görä, Askarow 2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda, COVID-19 bilen bagly ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, türmede aradan çykypdyr. Emma häkimiýetler, 69 ýaşyndaky žurnaliste uzak wagtlap saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan zerur lukmançylyk...