Pedagog ýetmezçiligi mugallymlary 'syýahat gadagançylygyna' salýar
Türkmenistan zähmet rugsadyna çykan mugallymlaryň daşary ýurtlara syýahat etmeklerine ýol bermeýär, olar hatda Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly goňşy ýurtlara hem goýberilmeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar bu gadaganlygyň ýokardan, dilden berlen görkezmä esaslanýandygyny, hiç bir kanuny düşündirişiniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, bu gadaganlyk barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Balkanda tomusky dynç alşyna çykyp, daşary ýurt wizalaryny...