Russiýanyň Uzak Gündogarynda ýolagçy uçar gaçdy, onuň bortunda 49 adam bardy
24-nji iýulda Russiýanyň Amur oblastynda AN-24 kysymly ýolagçy uçar ýere gaçdy. Uçaryň bortunda jemi 49 adam, ýagny 43 ýolagçy, şol sanda bäş çaga we alty ekipaž agzasy bardy.
“Angara” awiakompaniýasynyň uçary Habarowsk – Blagoweşçensk – Tynda ugry boýunça reýsi ýerine ýetirýärdi. Ekipaž uçuş wagty tehniki näsazlyklar barada habar bermedi. Uçar Tynda şäherine birinji gezekden gonup başarmady we täzeden aýlamaga mejbur boldy. Şondan soň, uçar bilen aragatnaşyk kesildi.
“Interfaks” agentliginiň ýazmagyna görä...