Lebapda et gymmatlaýar, döwlet dükanlary pes hilli önümleri satmaga mejbur bolýar
Lebap welaýatynyň bazarlarynda etiň bahasy birden gymmatlady. Döwlet dükanlarynda nyrhlar öňküligine galdan hem bolsa, satylýan käbir önümleriň hili ýaramazlaşdy. Azatlygyň habarçysy Lebapdaky ýagdaý barada maglumat berýär.
Türkmenabadyň ähli bazarlarynda etiň bahasynyň ýokarlanandygyny görse bolýar.
Şäherde harytlary has gymmat satýan “Ikinji Daýhan” bazarynda iri mal we goýun etiniň ortaça bahasy 95 manat, süňksüz etiň bir kilogramy 105 manada çenli gymmatlady. Türkmenabadyň beýleki bazarlarynda...