'Sakgal gözegçiligi' güýçlendi, Aşgabat daşary ýurt täsirlerinden howatyr edýär - Çeşmeler
Geçen hepdäniň bäşinji güni metjitlere baryp, köpçülik bolup okalýan juma namazyna gatnaşan ýaş oglanlary, elli ýaşdan bärdäki erkekleri şu hepdäniň birinji gününden başlap soraga çekip başladylar, gizlin gulluklaryň işgärleri olary ýaşyryn kamera arkaly wideo ýazgy edene meňzeýär diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen erkekleriň tassyklamagyna görä, Ahal welaýatynda ýaşy elliden aşakda bolan adamlara sakgal goýbermek dilden berilýän görkezme esasynda gadagan edilýär.