Gyrgyzystanda ýörite gulluklaryň barlagyndan soň, müňe golaý student okuwdan çykaryldy
Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň Issyk-Kul oblastyndaky ýokary okuw jaýlarynda geçiren giň gerimli barlaglaryndan soň, müňe golaý student okuwdan çykaryldy. Bu barada komitetiň metbugat gullugy habar berdi.
Maglumata görä, geçirilen çäreleriň maksady ýokary bilim ulgamyndaky korrupsiýa hem-de beýleki düzgün bozmalara garşy göreşmekden ybarat bolupdyr.
Barlaglaryň dowamynda studentleriň okuw sapaklaryna gatnaşygy, bilim prosesindäki işjeňligi we umumy bilim derejesiniň hili seljerildi.