ÝOJ-lara giriş möwsümi başlandy. Okuw jaýyna görä 'para' üýtgeýär
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna we orta hünär mekdeplerine dokument tabşyrmak möwsümi dowam edýär. 14-nji iýulda başlanan dokument kabul edişligiň alnyp barylyşy barada maglumat berýän Azatlygyň habarçylary öňden bäri ýöredilýän düzgünler we edilýän täze talaplar, şeýle-de okuwa girmek üçin soralýan paranyň mukdary barada maglumat berýärler.
"Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna şu günler esasan barly adamlaryň çagalary dokument tabşyrýarlar" diýip, habarçymyz gürrüňdeş bolan bilim wekillerine we ene-atalaryň birnäçesine salgylanyp...