Siriýanyň häkimiýetleri Es-Suweýda şäherinden beduin maşgalalaryny ewakuasiýa edýär
21-nji iýulda Siriýanyň häkimiýetleri druz jemgyýetiniň agdyklyk edýän ýurduň günortasyndaky Es-Suweýda şäherinden beduin maşgalalaryny ewakuasiýa edip başlady. Bu geçen hepde ýerli jemagatlaryň arasynda ýüze çykan gazaply çaknyşyklary bes etmäge mümkinçilik beren ýaraşyk düzgüniniň güýje girmeginiň yzýany amala aşyrylýar.
Siriýanyň döwlet SANA agentliginiň maglumatyna görä, şäherden beduin taýpalaryna degişli 1 müň 500 töweregi adam çykarylar.
Şenbe güni yglan edilen ýaraşyk ylalaşygy jemagatlaryň arasynda dörän we bir hepdäniň dowamynda...