Germaniýanyň kontrrazwedkasy Russiýanyň içalyçylyk synanyşyklarynyň artýandygyny aýdýar
Germaniýanyň Harby kontrarazwedka gullugy ýurt içinde Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan alnyp barylýan içalyçylyk we zyýan beriji synanyşyklarynyň göz-görtele köpelendigini hasaba alýar. Bu barada gullugyň ýolbaşçysy Martina Rozenberg “dpa” habar agentligine beren interwýusynda aýtdy.
“Olaryň hereketleri has köpçülikleýin we agressiw häsiýete eýe boldy. Olar Sowuk urşy döwründen bäri belli bolan usullary ulanýarlar we baş goşýan gurallarynyň mümkinçiliklerini giňeldýärler” diýip, Rozenberg belledi.