Taýwan Hytaýyň mümkin çozuş howpuna garşy giň gerimli harby türgenleşik geçirýär
Taýwanda giň gerimli harby we raýat goranyş türgenleşikleri dowam etdirilýär. Bu çäreler materik Hytaýynyň mümkin bolan harby çozuşyna taýýarlyk maksady bilen gurnalýar diýip, AFP habar berýär.
17-nji iýulda irden howa duýduryş signallary berlen badyna, paýtagt Taýpeýde ähli hereket ýarym sagat togtadyldy: köçeler boşadyldy, ýaşaýjylar metro, ýerasty geçelgelere we gaçybatalgalara ýerleşdirildi. Polisiýa ulaglaryň hereketini saklap, adamlary howpsuz ýerlere geçirdi. Käbir ýaşaýjylar edara binalarynyň ýerzeminlerinde gizlendi.