Balkanda we Ahalda tozanly ýel turdy, ýagyn we sil suwlary köçeleri basdy
Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy ýagdaýlaryň birnäçesi döredi. Soňky iki günde güýçli ýagyn ýagyp, ýel tudy, tozanly tupanlar boldy we käbir sebitleri suw basdy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri bolan hadysalar barada habar berdiler.
Balkan welaýatynda iki günläp ýagan güýçli ýagyşyň netijesinde käbir ilatly ýerleri suw basdy, Balkanabat şäheriniň köçeleri suwdan doldy.
"Balkanabat şäherine uly derejede zyýan ýetdi. Şäheriň köp ýerleriniň ýollaryny sil suwy basdy.