Kamerunyň 92 ýaşly prezidenti ýene-de bu wezipä dalaş eder
Dünýäde häzir häkimiýet başyndaky döwlet ýolbaşçylarynyň iň ýaşulysy hasaplanýan Kamerunyň prezidenti Pol Biyýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryna bellenen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan etdi.
Degişli beýanat 13-nji iýulda onuň X sahypasynda peýda boldy.
Pol Biyýa Kamerunyň prezidenti wezipesini 1982-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýär. 2008-nji ýylda prezidentlik möhletiniň çäkleri ýatyrylandan soň, ol çäklendirilmedik gezek prezidentlige dalaş etmäge hukuk aldy. Eger bu gezek hem ýeňiş gazansa...