Ahallylar Arkadagda gurulýan 'iň uly metjide' çykarylýan çykdajydan 'nägile bolýar'
Azatlygyň habarçysy Ahalda adamlaryň “häzirki ykdysady kynçylyk ýagdaýynda her annada jemagat bolup okalýan jumga namazyna gatnaşýanlaryň sany on adama hem ýetmeýän şäherde millionlarça dollar harçlap, iň uly metjit gurmaga näme zerurlyk bardy?” diýip, “akly haýran bolup” gürrüň edýändigini habar berýär.
Bu soragy berýän adamlaryň käsi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň dogduk obasy Gypjakda gurduran uly metjidini ýatlap, “Gurbanguly Berdimuhamedow merhum Nyýazow bilen ‘Kimiň metjidi uly?’ diýip...