"Talybanyň" aýallar penahanalaryny ýapmagy owgan zenanlaryny has agyr ýagdaýa salýar
Morsal we onuň kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy Owganystanyň gündogarynda, gaýynlarynyň çalamydar jaýynda ýaşaýar.
Ýurduň iş ýüzündäki dolandyryjysy bolan "Talyban" aýal-gyzlar üçin bar bolan iş mümkinçiliginiň hemmesini diýen ýaly kesýär we ýurtda mätäç maşgalalara goldaw bermek üçin hiç hili durmuş ulgamy ýok. Netijede, 40 ýaşly dul aýalyň we onuň çagalarynyň, şol sanda maýyp oglunyň ne goragy, ne-de goldawy bar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedilen Morsalyň ozallar Owganystandaky aýal-gyzlar...