Okuwa girýän ýaşlardan 'meýletin çäreçi' bolmaga razylyk haty alynýar
Ýokary okuw jaýlaryna synaglar entek dowam edýärkä, okuwa giren ýaşlara geljekde geciriljek çärelere gatnaşmaga razylyk barada öňünden dilhaty ýazdyrylýar we olaryň ýurt ýolbaşçylaryna wepaly bolmagy üçin wagyz edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu ýagdaý barada maglumat berýärler.
Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin synagdan geçen we birinji sentýabrdan birinji kursda okuwa başlamaly ýaşlardan olaryň döwlet çärelerine gatnaşmaga razy bolmagy öňünden talap edildi we "meýletin razylygy" barada dilhaty ýazdyryldy diýip...