Aşgabat kazyýeti žurnalist Halykowyň ýurtdan çykmagyna çäklendirmäniň kanunylygy baradaky suduň ozalky kararyny ýatyrdy
3-nji iýulda Aşgabat şäher kazyýeti garaşsyz žurnalist Nurgeldi Halykowyň mundan öň Köpetdag etrap kazyýetiniň onuň ýurtdan çykmagyna girizilen çäklendirmäniň kanunydygy baradaky kararyna garşy beren şikaýat-arzasyny kanagatlandyrdy. Munuň bilen ozalky karar ýatyrylyp, iş bolsa şol bir etrap kazyýetine, ýöne başga bir sudýanyň garamagyna gaýtaryldy diýip, turkmen.news habar berýär.
Mundan öň Köpetdag etrap sudy Halykowyň migrasiýa gullugy tarapyndan ýurtdan çykmagyna girizilen gadagançylyga garşy tabşyran şikaýatyny kanagatlandyrmady.