Ulugyzlar ýigit ýetmezçiligini, aýallar aýralygy 'alada edýär'
Türkmenistanda oglanlaryň, ýaş ýigitleriň ýetmezçiligi indi ençeme ýyl bäri ýitileşýär, gyz-gelinler dowamly erkek ýetmezçiliginden alada galýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe gyzyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý gyzlaryň käbiriniň janyna kast etmegine hem sebäp bolýar.
Ýigitleriň sanynyň kemelmegi gyzlaryň durmuş gurmakda, maşgala bolmakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna alyp gelýär. Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, berk döwlet senzurasy bu ugurdaky sanlaryň aýan edilmegine ýol bermeýär.