Balkanly mugallymlar zähmet dynç alşynda abatlaýyş we otag işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 1-nji iýulda bilim we terbiýeçilik işgärleriniň aglabasy üçin 45 günlük kanuny zähmet dynç alyş möwsümi başlandy.
Muňa garamazdan, Balkan welaýatynda zähmet rugsadyndaky mugallymlaryň tas ählisinden abatlaýyş we gowaça meýdanlarynda otag işlerine gatnaşmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly mugallymlaryň onlarçasy anonimlik şertinde 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Mekdep müdirleri mugallymlara zhämet dynç alşynda hem her gün gelip...