Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde “Azerbaýjan-Ural” guramasynyň ýolbaşçysy Şahin Şihlinsi saklandy. Bu barada “URALLIVE” telegram-kanaly, azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysynyň ogly, aklawçy Mutwaly Şihlinskä salgylanyp habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, kakasy tussag edilmezden ozal, ony aýnalary garaldylan ulag bilen yzarlapdyrlar. “Baza” telegram-kanalynyň ýazmagyna görä, Şihlinski ogly bilen bilelikde tussag edildi, emma soňra ogly boşadyldy.
Bu Baku bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan döwründe bolup geçýär.