Gymmatbaha dabaralar, kynçylyklar ilaty özgerişlige taýýarlaýar - synçy
Türkmenistanlylar indi birnäçe gün bäri ýurt ilatynyň aglaba köplüginiň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklarynyň fonunda tutulan doglan gün toýy barada oturan-turan ýerlerinde gürrüň edýärler, sosial mediada pikirlerini aýdýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.
Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýän we Berdimuhamedowyň doglan gün dabaralary bilen jemlenýän Medeniýet hepdeligi bu ýyl goşa ýubileý hökmünde, hem Arkadag şäheriniň iki ýyllygy, hem-de öňki prezidentiň 68 ýaşynyň toýy hökmünde...