На Таганско-Краснопресненской линии метро увеличены интервалы движения
Ямальцы Стояновский и Лешуков завоевали Кубок России по пляжному волейболу
День Казанской иконы Божией Матери – 2025: история, традиции, что можно и что нельзя делать в праздник
Масштабное отключение электричества ожидается в Чите
Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar
Türkmen raýaty Zulfiýa Kajyr prezident Serdar Berdimuhamedowdan ony ýurtdan çykarmagyny soraýar. Pasportyny çalyşmak üçin bir ýyl töweregi öň Türkiýeden Aşgabada baran zenan ýurtdan gaýtmakçy bolanda ony howa menzilinde hiç hili düşündiriş bermezden saklap, ýurduň daşyna çykmak gadagan edilipdir.
Zulfiýa Kajyra Stambulda adamsy garaşýar. Ol Türkiýäniň raýaty. Zenanyň 6 ýaşly gyzy onuň ýanynda Aşgabatda galýar. Çaga medisina kömegine mätäç. Jübüt ýardam sorap, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ähli häkimiýetlerine ýüz tutdy, ýöne bu kömek etmedi.