Azerbaýjan Russiýa bilen baglanyşykly medeni çäreleriň ählisini ýatyrdy
Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi ýurduň çäklerinde Russiýanyň döwlet we hususy edaralary tarapyndan meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýatyrylandygyny mälim etdi. Ministrligiň maglumatynagörä, bu karar Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde “etniki gelip çykyşy esasynda azerbaýjanlylara garşy maksatly gönükdirilen hereketleriň” netijesinde kabul edildi.
Ýatyrylan çäreleriň hatarynda konsertler, festiwallar, sergiler, sahna oýunlary we beýleki medeni programmalar bar. Bu çäreler üçin bilet alan raýatlar biletlerini yzyna tabşyryp...