ABŞ we Eýranyň arasynda ýadro gepleşikleri meýilleşdirilmese-de, taraplaryň aragatnaşygynyň dowam etdirilýändigi aýdylýar
ABŞ bilen Eýran Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmek baradaky meseläniň üstünde aragatnaşyk saklaýar, ýöne häzirlikçe resmi gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilmeýär diýip, iki ýurduň-da resmileri 26-njy iýunda aýtdylar.
Ak tamyň metbugat wekili Karolin Lewitt žurnalistler bilen geçirilen brifingde Waşingtonyň Eýran we onuň araçy döwletleri bilen “ýakyn aragatnaşyk” saklaýandygyny aýtdy. Öz gezeginde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi döwlet telewideniýesine beren beýanatynda...