Dökünler bilen üpjün edilmeýän balkanly daýhanlar awy pürküjileri satyn almaga mejbur edilýär
Balkanly pagtaçy daýhanlaryň onlarçasy döwlet tarapyndan özlerine mundan bir aý gowrak ozal paýlanylmaly mineral dökünleriň henizem berilmeýändigini aýdýar. Olar munuň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini, döwlete bergili çykjakdyklaryny belleýärler.
Bu aralykda, häkimiýetler daýhanlary ekin meýdanlaryny ýurda çozan çekirtgelerden goramaga niýetlenen awy pürküji enjamlary bazar bahasyndan iki esse gymmada satyn almaga mejbur edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda sebitden maglumat berdi.