ABŞ Eýrana Hormuz bogazyny petiklemek ýa-da jogap zarbalaryny urmak synanyşygyndan saklanmak barada duýdurdy
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Birleşen Ştalaryň Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalaryndan soň, Tähranyň jogap hüjümlerinden saklanmalydygy barada duýduryş berdi. Onuň aýtmagyna görä, beýle hüjüm “olaryň öňki-soňky etjek iň uly ýalňyşlygy bolar”. Şeýle hem Rubio Eýranyň Hormuz bogazyny petiklemek synanyşyklaryndan gaça durmalydygyny aýtdy.
Hormuz bogazy Pars we Oman aýlyklaryny birleşdirýär we dünýäde sarp edilýän nebitiň takmynan 20%-i bu ýerden geçirilýär.
Rubio bu barada 22-nj iýunda...