ABŞ Eýranyň üç ýadro desgasy, şol sanda Fordo boýunça howa zarbalaryny amala aşyrdy
21-nji iýun agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamdan halka ýüzlenme bilen çykyş edip, amerikan bombalaýjy uçarlarynyň Eýranyň üç sany ýadro desgasy boýunça howa zarbalaryny amala aşyrandygyny mälim etdi.
Zarbalar Fordo, Natanz we Isfahan şäherlerindäki ýadro desgalaryna gönükdirilipdir. "Biziň maksadymyz Eýranyň urany baýlaşdyrmak mümkinçiligini ýok etmek we dünýäde terrorizmiň esasy hemaýatkäri bolan döwletiň döredýän ýadro howpuny zyýansyzlandyrmakdy. Men şu gün bütin dünýä ýüzlenip, zarbalaryň örän üstünlikli bolandygyny aýdyp biljek.