Merhum kakasynyň pensiýa puly 'ogurlanan' zenan arzasyny yzyna almaýar
Türkmenistanda hojalyk bolup, maşgala agzalarynyň maýyplyk resminamalaryny düzedýän hem-de ýogalan adamlaryň atlaryny ýazgydan, bank hasaplaryndan aýyrtman, her aýda olaryň atlaryna gelýän serişdäni nagtlaşdyrýan maşgalalaryň köpelýändigi habar berilýär. Şu aralykda merhum kakasynyň pensiýa pulunyň 'ogurlanandygyny' aýdýan aýal prokuroryň arzasyny yzyna almak teklibi bilen ylalaşmady.
Bu hili galplyklar oba, şäher ýerlerinde, özara gürrüňçiliklerde öňräkden bäri agzalýardy. Ýöne ýurduň maglumat üçin ýapyk bolmagy...