Gazak deputaty döwlet resminamalaryndan “elbasy” adalgany aýyrmagy talap etdi
Gazagystanyň Mejlisiniň deputaty ýurduň jenaýat kodeksinden Nursoltan Nazarbaýew bilen baglanyşykly ähli bellikleri aýyrmagy talap etdi. Kanunçykaryjy Kazybek Isa döwlet resminamalarynda entegem “elbasy” diýen adalganyň ulanylýandygyna nägilelik bildirdi. Gazagystanyň öňki prezidentine resmi ýagdaýda berlen bu titul türkmençä “milletiň lideri” diýip terjime edilýär.
Nursoltan Nazarbaýewiň häzir döwletde hiç hili ygtyýary ýok bolsa-da, “elbasy” adalgasy entegem jenaýat kodeksiniň käbir böleklerinde...