Eýranyň Ysraýyla atan raketalary keselhana zeper ýetirdi; Tramp konflikte goşulmak ähtimallygyny göz öňünde tutýar
Eýranyň Ysraýyla garşy atan raketasy ýurduň dürli künjeklerine, şol sanda hassahana-da zyýan ýetirdi. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň heniz bu konflikte goşulmagy meýilleşdirmeýändigini, ýöne Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin zerur bolanda harby çäreleriň ulanylmagy mümkin diýip çykyş edeninden birnäçe sagat soň boldy.
Ysraýylyň harby ýolbaşçylary 19-njy iýunyň ir sagatlarynda ýurduň birnäçe ýaşaýyş zolagynyň, şol sanda Beer-Şewa şäherindäki keselhananyň hem...