Eýranyň soňky şasynyň ogly: “Yslam respublikasy dargaýar”
1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasynyň dowamynda häkimiýetden çetleşdirilen Eýranyň soňky şasynyň ogly Reza Pehlewi, Ysraýylyň Eýrana garşy harby operasiýasynyň fonunda, ýurduň ilatyna ýüzlenip, Eýran yslam respublikasynyň tiz wagtda dargamagyna umyt bildirdi.
“Yslam respublikasy öz soňuna geldi we dargap başlady” diýip, Eýranyň häzir boş duran tagtynyň mirasdüşeri hökmünde çykyş edýän Pehlewi aýtdy.
Ol häzirki ýokary ruhany lider aýatolla Ali Hameneýi hem agzap: “Hameneýi, gorkudan ýaňa hinine giren syçan ýaly bolup...