Ysraýyl zarbalary dartgynlylygy ýokarlandyrýar, Tähran heläkçiligiň gyrasynda
Ysraýylyň Tähranyň iň bir kaşaň we gür ilatly sebitleriniň birine, 3-nji etrabyna howa zarbalaryny urmak isleýändigini aýdyp, bu töwereklerde ýaşaýan adamlaryň ewakuasiýa edilmegi barada beren duýduryşy ozaldanam ýetik bolan galagopluklaryň ýene-de ýokarlanmagyna getirdi.
Soňky günlerde bu iki ýurt birek-birege howa zarbalaryny urup, ikarada onlarça asuda adamyň ölümine sebäp boldy. Emma iň ýygjam hüjümler Tährana edildi.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Ysraýylyň goranmak güýçleriniň...